Italiýa 2-nji iýundan syýahatçylar üçin açylar

  • 15.04.2021 07:21
  • 10k+

Italiýa hökümetiň talaplaryny ýerine ýetiren syýahatçylar üçin serhetlerini açmaga taýýar. Meşhur ýewropa ýurdunda syýahatçylyk işjeňligi 2-nji iýunda, Italiýada Respublikanyň gününiň bellenilýän wagtynda dikeldilip bilner. Bu barada syýahatçylyk ministri Massimo Garawalýanyň sözlerine salgylanyp, Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlary assosiasiýasy habar berýär. Muny severpost.ru ýetirýär.

Ministriň aýtmagyna görä, ýurda girmäge rugsat bermegiň üç esasy şerti bar: doly sanjym kursuny geçmek, koronawirus üçin otrisatel barlag we üçünjisi bolsa, respublikanyň hökümetine bagly. Bu ýurtda sanjym kampaniýasyny geçirmek wariantydyr.
Massimo Garawalýa döwletiň daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmäge taýýar boljakdygyny we COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli zerur çäreleri görjekdigini belledi.
Italiýanyň syýahatçylyk möwsümine 2-nji iýundan taýýarlygy baradaky maglumatlary ýurduň premýer-ministri Mario Dragi hem tassyklady. Ol daşary ýurtlularyň ýoklugynyň “sungat şäherlerine” ýaramaz täsir edýändigi sebäpli, tomus möwsümine taýýarlyk görmegiň we mundan boýun gaçyrmazlygyň möhümdigini belledi.
30-njy aprele çenli Italiýada raýatlaryň daşary ýurtlara gitmegine çäklendirmeler hereket edýär. Ýurda gelýänler koronawirus üçin barlag tabşyrmaly we karantini berjaý etmeli – ÝB-niň raýatlary üçin bäş gün we beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylary üçin iki hepde.

18.05.2026 15:03
9.2k+

Git, gör, gir: dünýäniň iň üýtgeşik howuzlary syýahata çagyrýar

Öňler howuzlara diňe dynç alyş ýeri hökmünde garalan bolsa, bu gün olar täsin hem ýatdagalyjy şekildäki binalara öwrülmek derejesine baryp ýetdiler. Syýahatçylar şeýle howuzlar sebäpli öz ýollaryny......

17.05.2026 10:14
6.6k+

Tailand syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 30 güne çenli gysgaltmak isleýär

Tailandyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 60 günden 30 güne çenli gysgaltmagy göz öňünde tutýar....

16.05.2026 13:25
5.4k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda,......

16.05.2026 10:30
2.8k+

Syýahatçylar Kanadanyň milli seýilgählerine mugt girip bilerler

Kanada 2026-njy ýylyň 19-njy iýunyndan 7-nji sentýabryna çenli «Parks Canada» guramasynyň garamagyndaky milli seýilgählere, taryhy ýerlere we deňiz goraghanalaryna girmek üçin tölegleri bütinleý ýatyrýar....