Makgregor bilen Porýeniň arasyndaky üçünji söweş ýatyryldy

  • 14.04.2021 14:35
  • 18k+

Ultimate Fighting Championship-iň (UFC) irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor Dastin Porýe bilen 10-njy iýulda meýilleşdirilen söweşiniň ýatyrylandygyny mälim etdi. Bu barada gazeta.ru habar berdi.

Mundan öň, Porýe Makgregory wada berendigine garamazdan, özüniň haýyr-sahawat gaznasyna 500 müň dollar bermändigi üçin ýazgarypdy.

"Akmak. Siziň pul bilen araňyz ýabygorly bolmaly. Ýogsa-da, söweş gutardy. Men 10-una başga biri bilen söweşmekçi"-diýip, Makgregor Twitterde ýazdy.

Porýe oňa: "OK" diýip jogap berdi.
Makgregor bilen Porýe iki gezek duşuşdylar. 2014-nji ýylda irlandiýaly türgen ýeňiş gazandy. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa Porýe Makgregory nokaut edip, ýeňiş gazandy. Olaryň üçünji söweşi bolsa şu ýylyň iýul aýynda meýilleşdirildi.
Ýeňilendigine garamazdan, Makgregor Porýe bilen ikinji söweş üçin 20 million dollardan gowrak girdeji gazandy. Porýe ondan bäş esse az girdeji aldy. Makgregor söweşden öň Porýeniň «Good Fight» söweş gaznasyna pul goşant etjekdigini aýdypdy.

şu gün 09:11
553

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:49
2k+

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......