Şanhaý milliarderler üçin dünýäniň iň gymmat şäherleriniň başyny çekdi

  • 13.04.2021 14:07
  • 18k+

Milliarderler üçin iň gymmat şäherleriň sanawynda birinji orny Şanhaý eýeledi diýlip, Şweýsariýanyň Julius Baer hususy banky tarapyndan hödürlenen «Maddy hal-ýagdaý we ýaşaýyş durmuşy» atly täze hasabatda getirilýär. Muny forbes.ru ýetirýär.

Şanhaý birinji orundan Gonkongy gysyp çykardy, netijede Gonkong üçünji orna düşdi. Ikinji Tokio boldy. Aziýa aşa ýokary girdejili adamlar üçin dünýäniň iň gymmat sebiti boldy. Julius Baer munuň sebäbini sebitiň pandemiýa çökgünliginden soň çalt dikeldilmegi, şeýle-de walýutanyň we bahalaryň durnuklylygy bilen baglanyşdyrýar. Ýewropa şäherleriniň arasynda onluga Monako (4-nji orun), Sýurih (6-njy), Pariž (7-nji) we London (8-nji) girdi. Ilkinji onlukdan Taýbeý, Singapur we Nýu-Ýork hem orun aldy.
Ýewropadaky kaşaň durmuş Amerika garanda, has çalt gymmatlady – ýaşaýyş bahasy taýdan Ýewropa Aziýadan soň ikinji boldy. Esasan, ýerli walýutalaryň dollara bolan hümmeti sebäpli Ýewropanyň bahalary ýokarlandy: ýewro, şweýsariýa franky, britan funt sterlingi gymmatlady. Şonuň üçin ýewropa şäherlerinde – Sýurihde, Parižde, Londonda durmuş milliarderler üçin gymmat boldy. Beýleki bir tarapdan, San-Paulu, Mehiko, Mumbai, şeýle-de Wankuwer we Ýohannesburg baý adamlar üçin elýeterli şäherler boldy.
Özüniň derňew işinde Julius Baer dünýäniň 25 şäherini seljerdi we baý adamlaryň ýaşaýyş durmuşyny görkezýän sarp ediş harytlary we hyzmatlary sebedine baha berdi. Ol dünýäde ortaça 1,05% ýokarlandy diýip, bank hasaplaýar.

düýn 22:44
2.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6.1k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.6k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....