Aşgabatda 2 sany täjirçilik banklarynyň täze binalary açyldy

  • 13.04.2021 11:11
  • 18k+

12-nji aprelde Aşgabatda birbada iki sany bankyň: Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, şeýle hem «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. 

Ýurdumyzda halkymyzyň bank hyzmatlaryndan ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda peýdalanyp bilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işleriň netijesinde bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirip, kiçi we orta telekeçiligi goldamakda, täze bank hyzmatlaryny hödürlemekde, ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmakda gazanylan netijelerde banklaryň ähmiýeti uludyr.
Ýurduň durnukly ösüşinde banklar möhüm orun eýeläp, öz işini pul dolanyşygynyň deňeçerligini üpjün etmäge, milli puluň satyn alyjylyk ukybyny saklamaga we döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga, ylmyň gazananlaryna  esaslanyp ilata ýokary derejede  täze bank hyzmatlaryny hödürlemäge gönükdirilendir. Bilşimiz ýaly, halkymyza maliýe hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek bank ulgamy boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.  
Ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň ösmegi adamlaryň döwrebap hyzmatlara bolan talaplaryny barha artdyrýar. Şoňa laýyklykda, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, bank tarapyndan döwrebaplyga we täzeçillige esaslanýan hyzmatlary ýola goýmak zerurlygy ýüze çykýar. 
Hut şoňa görä-de, soňky ýyllaryň dowamynda täjirçilik banklary tarapyndan bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, gymmat bahaly kagyzlaryň täze tapgyryny dolanyşyga goýberip, maliýeleşdirilmegini artdyrmak boýunça anyk ädimler ädilýär. Dünýä tejribesinden we ilatyň isleginden ugur alyp, banklarymyz tarapyndan ýola goýulýan hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şu ugurdaky alnyp barylýan işleriň çäklerinde, sanly ulgama geçmek, sanly hyzmatlary ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işleri aýratyn bellemek gerek. 
Nagt däl hasaplaşyklaryň we tölegleriň gerimini, bank kartlaryny, ulag hyzmatlaryny, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini giňeldýän häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmak boýunça işler işjeň alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar amallaryny ösdürmäge, hyzmatlaryň «Internet-bank»,  «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg», «Goýum bank karty», «Maşgala karty», «Ýol karty» ýaly täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, netijede bolsa, raýatlaryň wagtyny we harajatlaryny tygşytlamaga ýardam berýär. 

şu gün 10:01
210

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

şu gün 09:35
1.3k+

Ýokary girdeji, ýokary salgyt: Waşington «millionerler salgydy» baradaky kanuny kabul etdi

Waşington ştatynyň kanun çykaryjylary «millionerleriň salgydy» hökmünde belli bolan ýokary girdejiler üçin girdeji salgydyny girizmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdi. Bu barada «The New York Times» (NYT) habar berýär...

şu gün 09:29
587

R.Meredow we Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekilhanasynyň ýolbaşçysy ynsanperwer hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

13-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

şu gün 00:49
3.4k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...