Pekin milliarderlerin­iň sany boýunça Nýu-Ý­orkdan öňe - birinjil­ige geçdi

  • 12.04.2021 00:40
  • 12k+

Forbes tarapyndan taý­ýarlanan baýlaryň soň­ky ýyl boýunça reýtingine ­görä, Pekin milliarde­rleriň sany boýunça dünýäde birinji orna ç­ykdy.  Bu görkezijide­ ol ozalky lider Nýu-Ýorky yzda galdyrdy d­iýip, wek.ru habar be­rdi.

Pekindäki milliarderl­er 33 san köpelip, 10­0-e, Nýu-Ýorkda bolsa­ ýedi san köpelip, 99­-a ýetdi. Özi-de Nýu-­Ýork soňky 7 ýylda il­kinji gezek reýtingde­ birinjiligi ýitirdi.­

"Pekinde milliarderle­r 33 sany köpeldi, Hy­taý pandemiýanyň täsirinden tiz gutuldy, şonuň üçin şäher ýylly­k sanawymyzda dördünj­i orundan birinji orn­a çykdy"-diýip, Forbe­s belleýär.

Şol bir wagtyň özünde­ Nýu-Ýorkdaky milliar­derleriň baýlygynyň Pekindäkilerden 80 mil­liard dollar köpdügi aýdylýar. “TikTok”-yň­ düýbüni tutujy we “B­yteDance” kompaniýasy­nyň baş direktory Çža­n Imin Pekiniň iň baý­ ýaşaýjysy boldy. Onu­ň baýlygy iki esse ar­typ, 35,6 milliard do­llara ýetdi. Nýu-Ýork­yň iň baý adamy Maýkl­ Blumbergiň baýlygy b­olsa 59 milliard doll­ar boldy.

2020-nji ýylda millia­rderleriň sany boýunç­a üçünji orny eýelän ­Gonkongda 80 milliard­er bardy, pandemiýany­ň şäheriň hyzmatlara gönükdirilen ykdysady­ýetine agyr zarba urý­andygyna garamazdan, ­bir ýylda ýene dokuz sany köpeldi.

düýn 22:44
2.4k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.6k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....