Toyota “BZ” elektromobil subbrendini döreder

  • 11.04.2021 20:32
  • 7.6k+

Toyota kompaniýasynyň elektromobillerini BZ ady bilen çykarjakdygy belli boldy. Bu abbrewiatura Beyond Zero – “noldan aňry”, ýagny zyýanly zyňyndylar ýok diýmegi aňladýar. Ilkinji BZ elektromobilleri BZ1, BZ5, BZ4X we BZ5X diýlip atlandyrylar. Bu barada formacar.com habar berýär.

Häzirki wagtda bu modelleriň haýsy klaslara degişli boljakdygy barada takyk maglumat ýok, ýöne X harpy bilen krossowerleriň bellenilendigini çaklamak bolar.
Toyota-nyň elektromobilleriniň arasynda ilkinji bolup RAV4 ölçegli krossower çykar. Elektromobil Ýaponiýada öndüriler, ýöne ol dürli ýurtlarda satylar. Toyota BZ elektromobilleri öňki, yzky ýa-da doly hereketlendirijili elektromobiller üçin Subaru bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen e-TNGA platformasyna esaslanar.
KHBS-iň maglumatlary boýunça, Toyota elektrik krossoweri 21-nji aprelde Şanhaýda açylýan awtosalonda görkeziler.
Belläp geçsek, täze Toyota BZ markanyň ilkinji elektrikli awtomobili bolar, mundan öň ýaponlar gibrid modelleri we ýangyç elementli awtomobilleri öndürmegi makul bilýärdiler. Täze Toyota BZ elektromobiliniň üstünde Subaru-nyň hünärmenleriniň işländigini hem bellemek gerek. Bu kompaniýanyň hem premýeradan soň elektrik krossowerini görkezmegine garaşylýar.

şu gün 08:19
786

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

şu gün 01:38
3k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
9k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
4.9k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......