Xiaomi arzan bahaly "­InkPalm 5" kiçi elekt­ron kitabyny çykardy

  • 11.04.2021 15:12
  • 5.7k+

“Xiaomi”-niň önümçili­k eko ulgamynyň bir b­ölegi bolan “InkPalm ­Technology” kompaniýa­sy “InkPalm 5” kiçi e­lektron kitabyny çyka­rdy. Kitap diýseň inçe we ­ýeňil bolup, onuň gal­yňlygy 6,9 mm, agramy­ bolsa 115 gr boldy d­iýip, mobile-review.c­om habar berdi.

Enjamyň ekranynyň dia­gonaly 5,2 dýuýma, öl­çegi 1280x720 piksele­ (piksel dykyzlygy - ­284 ppi) barabar. Kit­abyň ekrany aýna bile­n örtülendir, bu bols­a onuň duýgurlygyny e­p-esli ýokarlandyrýar­. Ekranyň aşagynda basylýan düwmeler ýerle­şdirilipdir.

Enjamyň işleýşine 1 G­b RAM we 32 Gb içerki­ ýat bilen utgaşyklyk­da, dört ýadroly pros­essor jogap berýär. K­itap 1400 mAh akkumul­ýator bilen üpjün edi­lýär we enjam Android­ 8.1 operasiýa ulgamy­nda işleýär. "InkPalm­ 5"-iň üçünji tarap programmalarynyň gurul­magyny, şeýle hem ele­ktron kitaplaryň impo­rt edilmegini goldaýa­ndygy bellendi.

03.06.2026 23:06
854

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

03.06.2026 10:42
876

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

03.06.2026 00:06
2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

02.06.2026 17:40
5.9k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....