Müsürden unudylan "Altyn şäher" tapyldy

  • 11.04.2021 09:50
  • 28k+

Müsürde unudylan gadymy şäheriň üstünden baryldy. Bu barada ýurduň syýahatçylyk ministrligine salgylanyp, Sputnik gullugy habar berdi.

Ýurduň öňki arheologiýa ministri Zahi Hawassyň ýolbaşçylygyndaky missiýa Nil derýasynyň kenarynda Lýuksoryň golaýynda bir şäherçäniň üstünden bardy. "Daşary ýurt arheologik missiýalarynyň köpüsiniň bu şäher babatdaky gözlegleri şowsuz boldy" diýip, RIA Nowosti öňki ministriň sözlerine salgylandy.
"Altyn şäher" Müsürden tapylan şäherçeleriň iň ulusy bolup, ol Amenhotep III-iň döwründe (miladydan öňki 1391 - 1353 ýyllar) guruldy. Faraonlar Ehnatonyň, Tutanhamonyň we Eýiň Müsürde höküm süren döwürlerinde "Altyn şäher" iň uly dolandyryş we ykdysady merkez bolupdy.
Arheologlar jaýlaryň aman galan diwarlaryny, olardan bolsa gadymy müsürlileriň öý goşlaryny tapdylar. Tapyndylaryň arasynda şaý-sepler, skarabeý-tomzaklary şekillendirilen heýkeller (bu tomzak Gadymy Müsüriň iň hormatlanýan nyşanlaryndan biridir), şeýle hem palçykdan ýasalan önümler bar.
Meý guýulýan gaplaryň kömegi bilen şäheriň bar bolan döwrüni kesgitlemek mümkin boldy: gaplaryň daşynda ieroglifler ýerleşdirilen. Mundan başga-da, daş örümleri arheologlara "kömek etdi" - olarda Amenhotep III-iň möhüriniň yzlary bardy.
ABŞ-nyň Jon Hopkins uniwersitetiniň Müsüri öwreniş boýunça professory Betsi Braýan bu tapyndy imperiýanyň gülläp ösen döwründe adamlaryň Gadymy Müsürde nähili ýaşandyklaryny öwrenmäge kömek eder diýýär. Onuň sözlerine görä, täsin gazuw-agtaryş tapyndysy "Tutanhamonyň mazaryndan soň ikinji uly arheologiki açyşdyr".

şu gün 14:49
40

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
111

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......