Orazada nädip dogry iýmitlenmeli: «Berkarar» toý mekanynyň baş aşpezi maslahatlaryny berdi

  • 09.04.2021 12:58
  • 27k+

13-nji aprelde Ýer ýüzündäki milliardlarça musulman üçin mukaddes hasaplanylýan Oraza aýy başlanýar. Bu aýyň asylly adatyna eýerip, adamlar agyz bekleýärler. Dogry iýmitlenmek islendik wagt hem saglyk üçin wajypdyr. Ir ertirden Gün batýança aralykda iýmitden, suwdan el çekmek ýeňil düşmän biler. Hut şonuň üçin hem TmCars.info Oraza aýynda nähili iýmitlenmelidigi, agyz beklenilende we açylanda haýsy önümleri kabul etmegiň ýerlikli boljakdygy barada hünärmenleriň maslahatlaryny dykgatyňyza ýetirýär.

Orazany üstünlikli geçirmegimiz iýýän tagamymyza bagly bolsa, onda agyz beklenilende we açylanda haýsy tagamlary iýmek ýerlikli bolar? Bu barada paýtagtymyzdaky «BERKARAR» TOÝ MEKANYNYŇ baş aşpezi öz pikirlerini paýlaşdy.

«Agyz beklenilende esasy zat — ýeňil iýmitlenmeli. Uzak wagtlap iýmitsiz saklanmaga mümkinçilik berýän uglewodlary kabul etmäge çalyşmaly. Munuň üçin çörek, süle, ter bakja önümlerinden taýýarlanan işdäaçarlar, miweler laýyk bolup biler. Beloklardan — balyk, ýumurtga, et we süýt önümlerini iýmeli.
Agyz açylanda welin, otag temperaturasyndaky arassa agyz suwuny içip, hurma iýmek bolar. Bu işdämizi belli bir derejede togtatmaga we az-kem dokluk duýgusyny bermäge mümkinçilik berýär. Hurma derek, miweler ýa-da gury iýmişler hem laýyk bolup biler. Munda iň esasy zat aşa doýmazlyk — diýip, hünärmen belleýär.

Az wagtdan soň, esasy agşamlyk naharlaryna geçmek bolar. Agşamlygy suwuk naharlardan başlamaly. Ondan soňra az mukdarda gowrulan, buglanan önümleri iýmek bolar. Munda esasy talap — nahar aşa ýagly ýa-da aşa süýji bolmaly däl.
Tiz tagamlar barada aýdylanda, olardan saklanjak bolmaly. Olaryň düzüminde duz, ýag köp mukdarda bolup, olar tiz-tizden teşnelik duýgusyny döredýär.
Bulardan başga-da, agzaçardan soň köp mukdarda suwuklyk içmeli. Bu bedendäki suw deňagramlylygyny kadalaşdyrmak üçin gerekdir. Çaý, ter miwe suwlary, kompotlar, adaty agyz suwy tüýs ýerine düşer. 
Agzaçar üçin hem tagamly, hem ýokumly tagamlary biziň toý mekanymyz hem hödürleýär. Ussat aşpezlerimiz müşderileriň ýörite sargytlary boýunça islän tagamlaryňyzy ýokary derejede taýýarlap berýär.
Orazaňyz kabul bolsun!

şu gün 09:33
2.6k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

şu gün 08:06
786

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

şu gün 08:04
3.4k+

Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi....

düýn 15:47
9.1k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....