«Türkmenpoçta» awtosürüjilere jerimeleri anyklap bermek boýunça täze hyzmaty girizdi

  • 08.04.2021 13:05
  • 38k+

Awtoulagyň tizliginiň bellenilen çäkden ýokarlandyrylandygy üçin jerimeler barmy, olar boýunça näçe töleg bellenildi, bu tölegler geçirildimi — awtosürüjiler bu baradaky giňişleýin maglumatlary «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň sorag-jogap gullugynyň täze hyzmatyndan peýdalanyp anyklap bilerler.

Munuň üçin «075» belgä jaň edip, öz awtoulag belgiňi aýtmak ýeterlik.
«Türkmenpoçtanyň» saýtynda habar berlişi ýaly, bu belgä jaň etmek arkaly şeýle hem halkara ýollamalar, olaryň nyrhnamalary we ýollamalara bellenilen ýere gelýänçä gözegçilik etmek boýunça, şeýle-de Türkmenistanyň gazet-žurnallaryna degişli beýleki zerur maglumatlary alyp bolýar.

düýn 00:00
2.4k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......