Çempionlar ligasy: bu gije «PSŽ» — «Bawariýa», «Portu» — «Çelsi» duşuşar

  • 07.04.2021 19:50
  • 8.5k+

«Real» — «Liwerpul», «Mançester Siti» — «Borussiýa» Dortmund duşuşyklary bize ýatdan çykmajak pursatlary sowgat etdi. Eýsem, bu günki duşuşyklardan nämä garaşmak bolar?

Bawariýa-PSŽ

Bu gijäniň esasy wakasy hut şu duşuşyk bolar. Bu klublar öz aralarynda Çempionlar ligasynyň geçen ýylky möwsüminiň finalynda eýýäm güýç synanyşyp görüpdiler.
Nemes klubundan bu gezekki oýna Robert Lewandowskiý gatnaşyp bilmez. Gnabri bolsa, koronawirusa bolan položitel barlagy sebäpli oýundan çetleşdirildi.
Parižlilere hem birnäçe ýyldyz oýunçylary kömek edip bilmez. Bernat möwsümiň başyndan bäri ýaryşa goýberilmedi, Paredes we Weratti bolsa şikesleri sebäpli oýna gatnaşyp bilmez. Sarabiýanyň hem oýna gatnaşygy sorag astynda. Oňa derek Neýmar oýna girer. Statistika görä, Neýmar her 11 minutdan bir howply hüjüm döredip bilýär.

Portu-Çelsi

Bu klublaryň arasyndaky iki duşuşyk hem Sewilýadaky «Ramon Sançes Pishuan» stadionynda geçiriler. «Çelsi» şu möwsümde eýýäm bu stadionda oýnap görüpdi. Şol duşuşykda Oliwýe Žiru poker etmegi başardy. «Bitarap» stadiona garamazdan, meýdançanyň eýesi hökmünde «Portu» çykyş eder. Belläp geçsek, myhmançylykda geçirilen pökgi düzgüni bu duşuşyga hem degişlidir.
Duşuşykdan öňki ýagdaýlar.
«Çelsi» portugal klublary bilen duşuşyklarynyň bütin taryhynda bary-ýogy üç gezek utuk ýitirdi. 13 duşuşyk, 11 ýeňiş, 1 deňme-deňlik, 2 ýeňliş. Üstesine, 1 deňme-deňlik we 1 ýeňliş hut «Portudan».
Portugal klubundan esasy hüjümçi güýç — Serjiu Oliweýra oýna gatnaşyp bilmez. Emma janköýerleriň bagtyna Pepe ýene-de oýna dolanyp geldi.
Londonlylarda Kante oýna gatnaşmaz. Billi Gilmor hem oýnuň arzasyna goşulmady.
Duşuşyga «Milan» — «Mançester Ýunaýted» dawaly duşuşygynyň awtory Slawko Winçiç eminlik eder. Şol oýunda Kessiýeniň goly hasaba alynmandy.
Köpler «Portu» çärýek finala çykyp, «ýetip biljek aňry çägine ýetdi» diýip hasaplaýarlar. Emma Çempionlar ligasynda gowşak garşydaş bolmaýar ahyryn. Galyberse-de, «Çelsi» Angliýanyň çempionatynda aşaklarda barýan klubdan 5-2 hasabynda ýeňildi.
Garaz, bu gije bize gyzykly gapma-garşylyk garaşýar.

düýn 23:43
2.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
9.7k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......