Kazan — Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçuş amala aşyrylar

  • 06.04.2021 23:38
  • 23k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Kazan ― Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky şahamçasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Şol beýanatda hususan-da şeýle diýilýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Konsullygyň sanawy boýunça 09.04.2021-nji senede Kazan-Türkmenbaşy ugry boýunça uçar gatnawyny amala aşyrar. Eger Siz Konsullykdan şol uçar gatnawynyň sanawyna goşulandygyňyz barada bildiriş alan bolsaňyz we Sizde ýatyrylan gatnaw üçin bilet bar bolsa, bilet alyş-çalşygy üçin Konsullyga ýüz tutuň".

avia@itmgroup.ru saýty boýunça diňe sanawda bolan we bileti bolmadyk ýolagçylaryň resmileşdirmek işleri amala aşyrylar.
Bu gatnaw arkaly ýükleri kommersiýa nyrh meýilnamasyndan ugradyp bolar. Şunda ýükleriň iň ýeňil agramy hökmünde 45 kilogram bellenildi. Eger ýük 45 kilogramdan az bolsa hem, ol şol möçberde diýlip hasap ediler. Ýükler uçuşdan bir gün öň degişli gümrük gullugynda hasaba aldyrylmalydyr.

düýn 23:12
828

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
1.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.1k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
873

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......