Türkmenistanyň at gazanan we halk itşynaslaryna goşmaça aýlyk hak belleniler

  • 06.04.2021 23:28
  • 17k+

Türkmenistanyň At gazanan we Halk itşynaslary birwagtlaýyn baýraklary we her aýda goşmaça pul haklaryny alarlar. Bu barada Türkmenistanda bu hormatly atlary döretmek barada güýje giren Kanunlarda aýdylýar.

Kanunyň Düzgünnamasynyň 7-nji bendinde bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakylan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň dört essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär we iň pes aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, döwlet kömek puluna, talyp hakyna her aýda goşmaça hak bellenilýär».
Täze döredilen hormatly at bilen bagly Türkmenistanyň Kanuny milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan şu ýylyň 13-nji martynda tassyklanyldy. Şeýle hem bu hormatly adyň Düzgünnamasynda onuň Döwlet sylagydygy nygtalyp, bu adyň
— Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren;
— itşynaslyk we kinologiýa ugry boýunça azyndan 10 ýyl birkemsiz zähmet çeken we türkmen alabaý itleriniň baş sanyny köpeltmekde, halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, şeýle-de bu babatda gazanylan üstünlikleri, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde uly işleri bitiren we ýokary netijeleri gazanan adamlara dakylýandygy nygtalýar.
Oňa Türkmenistanyň raýatlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň raýaty bolmadyk adamlar hem mynasyp bolup biler. Hormatly at Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar.

şu gün 01:30
606

«Bu oýun däl»: ABŞ-nyň häkimiýetleri geýmerleri awiadispetçer wezipesine işe alyp başladylar

ABŞ-nyň Federal awiasiýa müdiriýeti (FAA) we Ulag ministrligi kadr ýetmezçiligi meselesini çözmek maksady bilen, wideooýun muşdaklaryny awiadispetçerlige çekmek boýunça giň gerimli kampaniýa başladylar....

düýn 11:55
8.7k+

Antarktidada dünýä kartalaryna girizilmedik näbelli ada tapyldy

Polarstern buz döwüji gämisinde halkara ekspedisiýa topary Weddell deňzinde ozal nawigasiýa kartalarynda görkezilmedik adany tapdy. Bu açyş Larsen buz şelfi öwrenilýärkä, gämi Juanwil adasynyň golaýyndaky......

düýn 00:02
8k+

Dünýädäki iň garry kepderi 44 ýaşynda aradan çykdy

ABŞ-da dünýäniň iň garry kepderisi diýlip hasaplanýan Şugar atly guş 44 ýaşynda aradan çykdy. Bu waka bolmazyndan az wagt öň kepderi resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi....

11.04.2026 19:38
3.7k+

Ýewropa gününe bagyşlanan «Dostluk ganatlary» ylgawyna 650-den gowrak adam gatnaşdy

Aşgabatda Ýewropa gününe we Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan «Dostluk ganatlary: ÝB–Türkmenistan» atly köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habar......