AnTuTu-nyň iň kuwwatly flagmanlarynyň sanawynda liderler üýtgedi

  • 05.04.2021 08:59
  • 11k+

Meşhur AnTuTu bençmarkynyň topary Android operasion ulgamyna esaslanýan iň kuwwatly flagman smartfonlarynyň aýlyk reýtingini neşir etdi diýip, ixbt.com habar berýär.

Hytaý bazary üçin 2021-nji ýylyň mart aýynyň reýtingi fewral aýynyňkydan düýpli tapawutlanýar. Reýtingiň on ornunyň ählisini bir kristally Qualcomm Snapdragon 888 ulgamyna esaslanýan täze modeller eýeledi.
Reýtingiň liderleri doly üýtgedi. Indi birinji orunda 765 579 bal bilen Black Shark 4 Pro, ikinji orunda 742 078 bal bilen OPPO Find X3 Pro, üçünji orunda 741 100 bal bilen Nubia Red Magic 6 Pro ýerleşdi.
Öňki liderler – iQOO 7, Vivo X60 Pro+ we Redmi K40 Pro indi degişlilikde, 6, 5 we 7-nji orunlary eýeleýärler. Dördünji orunda – ROG Phone 5, sekizinji orunda – birnäçe aý mundan öňki lider Xiaomi Mi 11, 9-njy we 10-njy orunlarda – Meizu 18 we Meizu 18 Pro.
Statistika 2021-nji ýylyň 1-nji martyndan 31-nji mart aralygynda toplandy. AnTuTu reýtinginde iň ýokary däl-de, ortaça görkezijiler ulanylýar. Her bir smartfon üçin azyndan 1000 synagyň netijeleri hasaba alyndy, az synagly modeller sanawa goşulmaýar.

12.06.2026 23:59
1.8k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
8.2k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.2k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.06.2026 11:08
1.1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....