BSGG Remezan aýynda seresaplylyk çärelerini berjaý etmegi maslahat berýär

  • 04.04.2021 12:31
  • 18k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Remezan aýy üçin birnäçe maslahatlary taýýarlady. Hünärmenler koronawirus pandemiýasy döwründe seresaplylyk düzgünlerini berjaý etmelidigini, sebäbi kesellemek howpunyň heniz hem dowam edýändigini ýatladýarlar diýlip, BMG-niň habarlar merkeziniň saýtynda aýdylýar.

Hünärmenleriň pikiriçe, ynam we onuň bilen bagly položitel emosiýalar adamlaryň psihologiki ýagdaýyna oňyn täsir edýär.
Belli bolşy ýaly, baýramçylyklar, köpçülikleýin ýygnanyşmalar, gezelençler ýokanjyň ýaýramagyna ýardam edip, täze ýaýrawlara sebäp bolup bilýär. Remezan aýy döwründe hem dine ynanýanlaryň köp wagtlaryny metjitlerde geçirmegi, şeýle-de gündiz agyz beklemekden soň, agyz açmak üçin köpçülik bolup ýygnanmagy adatydyr. Şonuň üçin, lukmanlar adaty däp-dessurlaryň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna sebäp bolmazlygy üçin, seresaplylyk çärelerini berjaý etmäge, ýagny gorag serişdelerini – örtük, ellik geýmäge we elleri yzygiderli zyýansyzlandyrmaga çagyrýarlar. 

«Ähli çäreleri hem açyk howada geçirmeli, olara gatnaşyjylaryň sanyny we çäräniň dowamlylygyny azaltmaly» — diýlip, merkeziň habarynda aýdylýar. 

Şeýle-de, lukmanlar Remezan günlerinde organizmi gowşatmazlyk üçin ähli zerur iýmit maddalaryny kabul etmelidigini belleýärler. Olar iýmit rasionyna gök önümleri we miweleri goşmagy, ýeterlik derejede suwuklyk içmegi maslahat berýärler.

26.06.2026 11:31
3.8k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.9k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......