Türkmenistanda hususy telekeçilik bilen meşgullanmagyň nähili artykmaçlyklary bar?

  • 03.04.2021 08:46
  • 24k+

Ýüregiňde päk maksat tutup, hususyýetçi bolmak isleýärmiň? Söwda-satyk bilen meşgul bolaýyn diýýärmiň?  Esasy maksadyň  önüm öndürmek bolsa, munuň üçin ähli mümkinçilikler bar. TmCars.info bu barada seljermesini dykgatyňyza ýetirýär.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilige berilýän goldaw-hemaýatlaryň näderejede ýokarydygyndan hemmämiz habarly. Önümçilik üçin, ilkinji nobatda, ýer gerek. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde oba hojalygy bilen bagly gol çeken taryhy Kararlaryny ýatlalyň! Şolaryň biri ýer gaznalaryny döretmek we bir ömre barabar bolan 99 ýyllyk ýer bölekleriniň paýlanylyp berilmegidir. Ýerleriň hakyky eýelerini tapmagydyr. 
Öňüňde anyk maksat, aýdyň meýiller bar mahaly, işlemek, döretmek, öndürmek üçin ähli gapylar açyk. 99 ýyllyk ýer barada Döwletnama alanyňdan soňra, önümçiligi guramak üçin serişde, has takygy, enjam, tehnika gerek. Bu babatda sizi goldaýan ýene bir Karar — döwrebap tehnikalary satyn almak üçin banklarda ýeňillikli pul karz serişdeleriniň berilmegidir. Ine, şeýle ýardamlar size ummasyz mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Netijede, hem-ä döwlet baýaýar, hem-de halal zähmetiň bilen saňa halal baýamaga giň ýol açylýar. 
Her bir hususyýetçiniň döwletiň ösüşine goşandy ýurtda bolelinligiň berk sütünini döredýär. 
Şeýle telekeçilerimiziň birnäçesi geçen hepdäniň içinde Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, önümçilik desgalaryny — kämil ýyladyşhanalar toplumyny açdylar. Bu milli Liderimiziň Kararlarynyň esasynda durmuşa geçirilen döwrebaplyklardyr.
Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýetişdiren 37 müň 750 tonna pomidory daşary ýurtlara eksport edildi. Bu bolsa, şondan öňki ýyl bilen deňeşdireniňde, 70 göterim köpdür. Eýýäm şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda bolsa bu görkezijiniň 16 müňe baryp ýetendigi depginiň barha ýokarlanýandygynyň delili.
Ýurdumyzyň sebitlerinde birbada alty ýyladyşhananyň açylandygy, ýene-de ençemesiniň gurluşygynyň gyzgalaňly barýandygy geljek ýyllaryň hasylynyň has bitginli, has bereketli boljagyny häzirden ynamly aýtmaga esas berýär. 
Täze açylan Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky ýyladyşhananyň 2000 tonna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýyladyşhananyň 875 tonna, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki ýyladyşhananyň 500 tonna, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky ýyladyşhananyň 1250 tonna, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky ýyladyşhananyň 2125 tonna, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky ýyladyşhananyň 2000 tonna ýyl boýunça önümlilik kuwwatlyklary bar. Jemi alanyňda, bir ýylda 8750 tonna goşmaça pomidor öndüriler. Şeýle hem, täze açylan ýyladyşhanalarda, meselem, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky ýyladyşhananyň işi bilen ugurdaşlykda önümler üçin dürli ölçegdäki gaplaryň önümçiliginiň hem ýola goýlandygyny belläp geçsek gowy.
Biziň döwrümizde ýyladyşhana diýmek — häzirki zamanyň iň täze tejribeleri diýmek! Innowasion tehnologiýalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri diýmek! Altyndan arzyly suwuň tygşytly ulanylmagy diýmek! Bol bereket, baý hasyl diýmek!

12.06.2026 23:59
1.7k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
8.1k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.1k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.06.2026 11:08
1.1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....