«Yandex» 13 ýylyň içinde ilkinji gezek logotipini üýtgetdi

  • 02.04.2021 19:36
  • 6.6k+

IT kompaniýasy «Yandex» 13 ýylyň içinde ilkinji gezek logotipini üýtgetdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

«Yandex-iň» baş sahypasynda kompaniýanyň täze logotipi peýda boldy. Logotip — «Yandex-iň» täze aýdentikasynyň (brendiň wizual barabarlygy) bir bölegi, ol täze belgini — gyzyl tegelekde «Я» harpyny we logo dizaýnlary üçin täze şrifti öz içine alýar. Belgini interfeýslerde, durmuşda hem, mysal üçin, kurýer torbalarynda görmek bolýar. Şrift hyzmat logotiplerinde ulanylar» – diýip, kompaniýa habar berýär.

Şeýle-de, «Yandex» gözleg setiriniň dizaýnyny üýtgetdi, indi ol ugur görkezijiniň şekilini gaýtalamaýar. Aýdentika uzak wagtdan bäri kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýän we Yandex Sans şriftiniň döredilmegine gatnaşan şrift dizaýneri Ilýa Ruderman bilen bilelikde «Yandex-iň» dizaýnerleri tarapyndan işlenip düzüldi. 
«Gözlegiň» dizaýn müdiri Gennadiý Lohtin «Yandex-iň» öňki logotipiniň 13 ýyl mundan öň döredilendigini belledi. Şol wagt hiç kim internet kompaniýasy önümleri eltip bermek, tölegleri gaýtadan işlemek, sürüjisiz awtomobilleri döretmek bilen meşgullanyp biler diýip pikir hem etmändi. Onuň aýtmagyna görä, täze aýdentika döwrebap «Yandex-iň» düýp manysyny görkezýär, kompaniýanyň hyzmatlarynyň umumy tehnologiýasynyň we umumy başlangyjynyň – gözlegiň bardygyny ýada salýar.

düýn 23:23
385

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
626

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.8k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......