«Tesla» dünýäniň iň gymmat awtoulag kompaniýasy boldy

  • 01.04.2021 15:21
  • 11k+

«Tesla» awtoulag kompaniýasy «Toyota», «Volkswagen», «Daimler» we «General Motors» ýaly bäsdeşlerinden öňe geçip, dünýäniň iň gymmat awtoulag kompaniýasy boldy. Amerikan markasynyň maýasynyň ähli bäsdeş kompaniýalarynyňkydan ýokarydygy bellendi. Bu barada car.ru habar berdi.
Habar berilmegine görä, «Tesla» markasynyň maýasy 605 milliard dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde ikinji orunda durýan «Toyota» ýapon markasynyň maýasy ondan 2,5 esse az, ýagny 244,1 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Üçünji setirde 153,2 milliard dollar bahasy bilen «Volkswagen» ýerleşdi.
Dünýädäki iň gymmat awtoulag kompaniýalarynyň arasynda «Daimler» (90,8 milliard dollar) we «General Motors» (80,4 milliard dollar) hem bar.
Ýöne girdejisi taýdan «Tesla» öňdebaryjylykdan daşda. Onuň ortaça girdejisi 2020-nji ýylda jemi 31,5 milliard dollar boldy, soňky üç ýylda bolsa 21,4 göterim ýokarlandy.
Geçen ýyl girdeji taýdan «Volkswagen» we «Toyota» öňdebaryjy bolup, olar degişlilikde 254 we 249,4 milliard dollar gazanmagy başardylar.

şu gün 00:37
3.7k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

düýn 19:03
5.2k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

düýn 17:27
2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

düýn 14:32
2.3k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....