Hemilton «Formula-1-de» Şumaheriň ýene bir rekordyny täzeledi

  • 30.03.2021 20:31
  • 5.5k+

«Formula-1-iň» ýedi gezek çempiony, «Mersedes» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Patyşalyk ýaryşlarynda» lideriň ornunda aýlaw sany boýunça ýedi gezek dünýä çempiony Şumaheriň rekordyny täzeledi diýip, rsport.ria.ru habar berýär.

Hemilton ýekşenbe güni Bahreýnde geçirilen 2021-möwsüminiň birinji tapgyrynda ýeňiji boldy. «Formula-1-iň» resmi saýtynyň habar bermegine görä, ýaryşyň dowamynda 36 ýaşly Hemilton Şumaheriň gazanan üstünliklerini kesip, liderligiň 5111 aýlaw belliginden geçdi. Ýeňişden soň Hemiltonyň liderlik eden aýlawlarynyň sany 5126-a ýetdi.
Hemilton öň hem Şumaheriň goýan birnäçe rekordyny, şol sanda karýerasynyň dowamynda gazanan ýeňişleriniň we eýelän poul-pozişnleriniň sany boýunça rekordy täzelemegi başardy.
Belläp geçsek, birinji tapgyrda ikinji orny +0,745 sekunt netije bilen «Red Bulldan» Maks Ferstappen eýeledi. Üçünji bolup iň gowy aýlawyň awtory bolan +37,383 sekunt netije bilen «Mersedesiň» sürüjisi Waltteri Bottas geldi.
«Formula-1-iň» indiki tapgyry 16-18-nji aprelde Imolada (Italiýa) Enso we Dino Ferrari awtodromynda geçiriler.

şu gün 11:51
2k+

Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir....

şu gün 11:31
1.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....