Ýer üçin howply asteroidleriň sanawy täzelendi

  • 29.03.2021 20:25
  • 18k+

Alymlar howply asteroidleriň sanawyny täzelediler. Meşhur «Apofis» asteroidi sanawdan resmi taýdan aýryldy. Şeýle hem onuň 2068-nji ýylda ýa-da ýakyn 100 ýylda Ýer bilen çaknyşmajakdygy anyklanyldy diýip, pcnews.ru habar berdi.

«Apofis» asteroidi 2004-nji ýylda tapyldy.  Alymlar asteroidiň 2029-njy ýylda Ýere şeýle bir ýakyn geljekdigini, hatda planeta bilen çaknyşyp hem biljekdigini hasapladylar. Ondan biraz soň bolsa bu çaklama inkär edildi. Alymlar «Apofisiň» 2036 we 2068-nji ýyllarda Ýere ýakynlaşmagyna garaşýardylar.
«Apofis» ýaňy-ýakynda Ýeriň deňinden uçup geçdi (ýöne ýeterlik ýakyn däl). Şonda alymlar bu asman jisimini gowy synlamagy başardylar. Netijede, «Apofisiň» traýektoriýasy 2068-nji ýylda we iň bolmanda, ýakyn 100 ýylda Ýer bilen çaknyşmaga ýol bermez diýen netijä geldiler. Netijede, asteroid zyýansyz diýlip ykrar edildi.

düýn 23:53
2.2k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......