Alymlar koronawirusyň täze mutasiýalarynyň howpuna baha berdiler

  • 28.03.2021 23:00
  • 17k+

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, Rospotrebnadzoryň Merkezi barlag institutynyň ylmy barlaglar boýunça müdiriniň orunbasary Aleksandr Gorelow «Westi FM» radiostansiýasynyň efirinde koronawirus ýokançlygynyň täze döreýän mutasiýalarynyň howplulyk derejesi hakynda gürrüň berdi.

«Koronawirus ýokançlygynyň häzirki zaman mutasiýalarynyň köpüsi bitarap häsiýete eýedir» diýip, TASS Gorelowyň sözlerini getirýär. Onuň aýtmagyna görä, britan, günorta afrikan, brazil we ýapon ştamlary keseliň geçişini agyrlaşdyrmaýar, ölüm derejesini-de artdyrmaýar. Hünärmen koronawirusa garşy häzirki zaman sanjymlaryň bu mutasiýalara täsir etmeýändigi baradaky pikir-garaýyşlary hem düýbünden inkär etdi. 
«Olar [mutasiýalar] wirusyň genomyna düýpli täsir etmeýär»-diýip, Gorelow belleýär.
Gorelow ozal Russiýanyň «Sputnik V» derman serişdesiniň birinji we ikinji sanjymlarynyň arasynda alty hepdä çenli arakesmäniň zerurdygyny aýdypdy.

«Käbir ýagdaýlar sebäpli 21 günüň içinde sanjym almak mümkin bolmadyk halatynda, birinji we ikinji dozalary kabul etmegiň arasynda alty hepdä çenli arakesme berilýär» diýip, hünärmen nygtaýar. Ýöne Gorelow dermanyň ikinji dozasyny almagyň näderejede zerurdygyny barada anyk bir zat aýtmady diýip, çeşme belleýär.

20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......