Fransuzlar bageti ÝUNESKO-nyň miras sanawyna girizmegi teklip etdiler

  • 28.03.2021 15:11
  • 7.3k+

Fransiýa bageti (uzyn we inçe çörek önümi) ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etdi. Bu barada BBC News-e salgylanyp, rus.postimees.ee belleýär.

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň obýekti statusy milli däp-dessurlary, bilimleri we başarnyklary wagtyň geçmegi bilen ýitirmezlik üçin goramagy maksat edinýär. 
Planetoscope saýtynyň maglumatlaryna görä, Fransiýada her ýylda 10 milliard baget sarp edilýär, ýöne 1970-nji ýyldan bäri 20 000 töweregi çörekhanalar ýapyldy. Sebäbi alyjylar indi supermarketlere gitmegi makul bilýärler, ol ýerlerde bolsa bagetler däp bolan usullar bilen öndürilmeýär.
Fransuz çörekçileri bu däbiň nesilden-nesle geçip gelýän supermarketleriň plagiatorlaryndan fransuz çöreginiň bişiriliş sungatyny gorajakdygyny aýdýarlar.
Belläp geçsek, Eýranyň we Gazagystanyň çöregi pizzany taýýarlamagyň neapolitan sungaty bilen birlikde ÝUNESKO-nyň sanawyna eýýäm girdi. Maddy däl medeni mirasyň iň soňky sanawy Günorta Koreýadaky çyralar festiwalyny, Finlýandiýadaky hammam medeniýetini we Bosniýa bilen Gersogowinadaky ot ormak ýaryşyny hem öz içine aldy.
ÝUNESKO özüniň kararyny 2022-nji ýylyň ahyrynda yglan eder.

şu gün 20:39
275

Gresiýada 247 müň ýewro hususy ada satylýar

Gresiýanyň Ion deňzinde ýerleşýän «Makri» atly hususy ada noýabr aýynda geçiriljek auksionda 247 müň ýewro başlangyç baha bilen satuwa çykarylar. Haýran galmaly ýeri, bu adany 2022-nji ýylda 8 million ýewro......

şu gün 16:54
3.8k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

şu gün 12:17
2.2k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

şu gün 12:01
7.3k+

Gimalaýda täze howply ýyrtyjy — möjek bilen itiň gibridi peýda boldy

Alymlar Gimalaýda täze bir ýyrtyjynyň — Gimalaý möjegi bilen sergezdan itiň gibridiniň (gatyşygynyň) peýda bolandygyny habar berdi....