Döwletjan Ýagşymyradowyň Kori Anderson bilen söweşi yza süýşürildi

  • 28.03.2021 11:02
  • 34k+

Döwletjan Ýagşymyradowyň (Türkmenistan) Kori Anderson (ABŞ) bilen söweşi 2021-nji ýylyň 16-njy apreline süýşürildi diýip, Bellator ligasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Ilkibaşda, söweşi 9-njy aprelde geçirmek meýilleşdirilýärdi. Emma liga meýilnamasyny üýtgedip, bu duşuşygy Bellator 257 ýaryşynyň çäginde geçirmek kararyna geldi. Netijede söweş 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde ABŞ-nyň Konnektikut ştatynyň Ankaswille şäherinde Mohegan Sun Arenasynda geçiriler.
Döwletjan özüniň soňky söweşini 2019-njy ýylyň dekabrynda ACA ligasynda geçirip, eminleriň karary bilen russiýaly Alekseý Butorini ýeňdi we ikinji gezek çempionlyk adyny gorady. Ildeşimiziň bassyr sekiz gezek bäri yzly-yzyna ýeňiş gazanyp gelýändigini bellemek gerek.
Döwletjanyň Bellatordaky ilkinji garşydaşy 31 ýaşly Kori Anderson 2013-nji ýyldan bäri professional derejede çykyş edip gelýär. Ol, esasanam, UFC-däki çykyşlary bilen, şeýle hem The Ultimate Fighter realiti-şounyň 19-njy möwsüminiň ýeňijisidigi bilen tanalýar.
Döwletjan Ýagşymyradow — Kori Anderson söweşine Okko onlaýn platformasynda hem-de «Матч ТВ» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.
Ýatlatsak, Bellator ýarym agyr agram derejesinde gran-pri geçirýändigini yglan etdi. Onuň ýeňijisine çempionlyk guşagy we 1 million amerikan dollary berler. Söweş tory 8 söweşijiden düzülip, çärýek final duşuşyklaryndan başlanar. Titulyň häzirki eýesi — russiýaly Wadim Nemkow birinji raundda 16-njy aprelde Fil Dewis bilen duşuşar. Olaryň birinji duşuşygy 2018-nji ýylyň noýabrynda Nemkowyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.
Ýarym final duşuşyklar iýulda, final bolsa 2021-nji ýylyň oktýabrynda geçiriler.


düýn 12:48
4k+

Getji UFC-niň ýeňil agramly iň gowy söweşijileriniň reýtinginde Sarukýandan öňe geçdi

Amerikaly Jastin Getji ýeňil agramda UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny eýeläp, Arman Sarukýany ikinji orna düşürdi. Bu barada promouşeniň resmi saýty habar berýär. Sanawdaky üýtgeşmeler Las-Wegasda geçirilen UFC 324 ýaryşyndan soň bolup geçdi...

düýn 11:14
12k+

PFL-iň iň gowy söweşijileriniň ilkinji reýtingi düzüldi: Ýagşymyradow öz agramyndaky diwizionyň üçlüginde

Usman Nurmagomedow agram derejesine garamazdan PFL-iň iň gowy söweşijileriniň taryhda ilkinji resmi reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada promouşeniň metbugat gullugy habar berdi. Guramanyň Combat Registry portaly bilen bilelikde girizen orunlary paýlamak ulgamy erkekleriň ýedi we zenanlaryň bir diwizionyny öz içine alýar...

25.01.2026 23:37
8.1k+

Indi bolsa gonorarlary hasaplalyň: UFC 324-de kim näçe gazandy?

25-nji ýanwar irden Las-Wegasdaky (ABŞ) "T-Mobile Arena-da" UFC 324 ýaryşy geçdi. Bu ýaryş liganyň şu ýyldaky ilkinji çäresi we Paramount bilen baglaşylan täze şertnamanyň çägindäki ilkinji waka boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça "Sporty Salaries" neşiri söweşijileriň alan gonorarlary baradaky maglumatlary çap etdi...

25.01.2026 14:07
9.3k+

UFC 324-üň netijeleri: Şon O’Melliniň we Umar Nurmagomedowyň ýeňişleri

25-nji ýanwarda irden Las-Wegasda (ABŞ) UFC-niň şu ýylda ilkinji ýaryşy UFC 324 geçirildi. Agşamyň esasy tutluşygynda amerikaly Jastin Getji britaniýaly Peddi Pimblett bilen söweşde ýeňil agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagyny gazandy...