Wan Goguň «Monmartradaky köçe sahnasy» suraty 11 million dollara satyldy

  • 27.03.2021 18:39
  • 13k+

Pariždäki «Sotheby's» auksion öýünde meşhur suratkeş Winsent Wan Goguň «Monmartradaky köçe sahnasy» suraty  11,25 million dollara satyldy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

«Surat 13 million 91 müň 250 ýewro satyldy» -diýlip, habarda aýdylýar. Auksion öýüniň wekili bu mukdaryň 1,75 million ýewro möçberinde komissiýa ýygymyny hem öz içine alýandygyny düşündirdi.

«Monmartradaky köçe sahnasy» suratyny Wan Gog 1887-nji ýylda - Parižde ýaşaýarka çekipdir. Suratda Montmartranyň nyşanlaryndan biri - «Moulin de la Galette» ýel degirmeni hem şekillendirilipdir.
1920-nji ýyldan bäri surat bir fransuz maşgalasynyň şahsy ýygyndysynda saklanýardy, şol sebäpli-de köpçülige mälim däldi. Auksiondan öň surat Parižde, Amsterdamda we Gonkongda görkezildi.

düýn 23:12
2.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
4.5k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.4k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
1.1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......