Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy

  • 27.03.2021 13:35
  • 9.5k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň bellenilen möhlet üçin meýilnamasyny işläp taýýarladylar.
Bu resminama ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga we abadançylygyny ýokarlandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmäge, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmäge hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmäge ýardam eder.

düýn 21:00
1.6k+

Gazagystanda şu ýyl düwnük keseline garşy täze derman serişdesini hasaba almaga taýýarlanýarlar

Gazagystanly alymlar rak keseline garşy göreşýän DVC derman serişdesini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Kliniki synaglaryň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar, şondan soň ony hasaba almak üçin......

düýn 20:56
4.2k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

düýn 12:06
3.1k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......

01.04.2026 16:38
3.4k+

Beýnisine çip oturdylan ysmaz näsaglar minutda 110 belgini ýazyp bildiler

Brigam adyndaky Massaçusets umumy hassahanasynyň we Braun uniwersitetiniň alymlary ysmaz adamlara barmaklarynyň hereketini hyýallarynda janlandyrmak arkaly tekst ýazmaga mümkinçilik berýän «beýni — kompýuter»......