Habib Nurmagomedow UFC-niň ähli reýtinginden aýryldy

  • 24.03.2021 17:36
  • 26k+

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Habib Nurmagomedow promouşeniň ähli reýtinginden aýryldy. Sebäbi geçen hepde Nurmagomedow karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan tassyklady diýip, sportmail.ru habar berýär.

Indi UFC-niň jemlenen reýtinginde agram kategoriýasyna garamazdan, birinji orny ýarym agyr agramda guşagyň öňki eýesi Jon Jons eýeleýär. Öň bu orun Nurmagomedowa degişlidi. Jons Habib 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Jastin Getjiden üstün çykýança, reýtingde birinji orny eýeläpdi. Ikinji orunda ýarym orta agramda çempion Kamaru Usman ýerleşýär, üçlügi agyr agramda iň gowy söweşiji Stipe Mioçiç jemleýär. 
Indiki üçlügi ýarym ýeňil agramda guşagyň eýesi Aleksandr Wolkanowski, orta agramda çempion Israel Adesanýa we ýeňil agramda öňki wagtlaýyn çempion Dastin Porýe düzýär. Iň ýeňil agramda öňki çempion Pýotr Ýan onlugy jemleýär, iki agram kategoriýasynda öňki çempion Konor Makgregor bolsa 15-nji orna dolandy.
Şeýle-de, UFC-niň ýeňil agramda guşagy resmi taýdan boşadylan diýlip yglan edildi. Diwizion reýtinginiň ilkinji üç setirini Porýe, Getji we Çarlz Oliweýra eýeleýär.

düýn 23:43
5.3k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
6.8k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......