Hünärmen agyz-burun örtüklerini haçan aýryp boljakdygyny aýtdy

  • 24.03.2021 13:16
  • 48k+

Angliýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň hünärmeni we immunizasiýa bölüminiň başlygy Meri Ramzi örtüklerden we sosial aralykdan doly ýüz öwürmegiň diňe dünýä ilatynyň aglaba bölegine sanjym edilen halatynda mümkin bolup biljekdigini aýtdy.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, adamlar agyz-burun örtüklerini ýene birnäçe ýyllap dakynmaly bolar. Örtükler bilen birlikde howpsuz sosial aralyk hem entek-entekler aýrylmaz diýip, BBC ýazýar. Onuň pikiriçe, adamlar bu öňüni alyş çäreleriniň hemmesine eýýäm öwrenişdiler we olar indi adamlar üçin hiç hili oňaýsyzlyk döretmez.
Şonuň bilen birlikde, Ramzi ýokarda görkezilen aýratynlyklaryň indi ykdysadyýete ýaramaz täsir etmeýändigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde, epidemiolog adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegini meseläni çözmegiň gaty stresli usuly hasaplaýandygyny belledi.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....