BTS topary Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 19.03.2021 23:53
  • 18k+

Günorta Koreýanyň BTS toparynyň agzalary 2020-nji ýylda çykan “Dynamite” klibi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi diýip, gurama twitterde habar berýär. Muny RIA Nowosti agentligi ýetirýär.

“BTS topary premýeradan bäri YouTube-da aýdym-saz wideosyna bir wagtda edilen tomaşa sany boýunça rekord goýdy. “Dynamite” klibine üç milliondan gowrak ulanyjy tomaşa etdi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Klibiň geçen ýylyň awgust aýynda çykandygyna garamazdan, Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri bu üstünligi ähli düzgünlere laýyk yglan etmek üçin, YouTube-dan tomaşa sany bilen bagly resmi tassyklama garaşmaly boldular. 
2020-nji ýylda BTS üç dünýä rekordyny goýdy: olaryň “Dynamite” klibi “24 sagadyň dowamynda iň köp görülýän YouTube wideosy”, “24 sagadyň dowamynda iň köp görülýän YouTube aýdym-saz wideosy” we “24 sagadyň dowamynda iň köp görülýän k-pop-toparynyň aýdym-saz wideosy” boldy. Bir günüň dowamynda rolik 101,1 mln tomaşaçyny ýygnamagy başardy. Häzir bu klibe 929 mln adam tomaşa etdi. Bir ýyl öň hem BTS başga bir wideosy bilen şol üç kategoriýada rekordçy boldy, olaryň Holzi bilen bilelikdäki işi “Boy With Luv” relizden soň, ilkinji 24 sagadyň dowamynda 74,6 mln tomaşaçyny ýygnady.

şu gün 16:26
773

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....

26.03.2026 15:37
7.4k+

Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady

Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan......

23.03.2026 21:50
3.3k+

Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy...