BSGG "AstraZeneca" sa­njymyny bes etmezligi­ maslahat berýär

  • 19.03.2021 14:57
  • 6k+

Bütindünýä Saglygy Go­raýyş Guramasy "Astra­Zeneca" koronawirusa ­garşy sanjymyny ulanm­agy dowam etmegi masl­ahat berýär. Bu barad­a guramanyň sanjymlar­yň howpsuzlygyna jeml­eýji baha berilmegi b­ilen bagly beýanatyna­ salgylanyp, Sputnik ­gullugy habar berýär.­

Dünýäde Fransiýa, Ger­maniýa, Italiýa we Go­llandiýa ýaly ondan g­owrak ýurt sanjym edi­lenlerde ýüze çykýan ­tromboemboliki mesele­ler baradaky maglumat­lar sebäpli "AstraZen­eca" sanjymyny togtat­dy. Habar beriş seriş­deleri bu sanjymyň öl­üm howpy barada ýazsa­lar hem, sanjym sebäp­li ölümiň bolandygyny­ görkezýän subutnama ­häzire çenli ýok. Ähl­i hadysalar Ýewropa d­üzgünleşdirijisi tara­pyndan derňelýär we “­AstraZeneca”-ny ulanm­ak resmi taýdan gadag­an edilmedi.

"Bütindünýä saglygy g­oraýyş guramasy häzir­ki wagtda" AstraZenec­a" sanjymynyň peýdasy­nyň onuň howpundan ha­s ýokarydygyna ynanýa­r we sanjymyň dowam e­tdirilmegini maslahat­ berýär" -diýlip, BSG­G-niň beýanatynda aýd­ylýar.

BSGG we Ýewropa Derma­n agentligi "AstraZen­eca"-nyň howpsuzlygy ­barada iň täze maglum­atlar üçin hemişe işj­eň aragatnaşykda.

"AstraZeneca" sanjymy­nyň howpsuzlygy barad­aky gutarnykly karary­ň BSGG tarapyndan 18-­nji mart, penşenbe gü­ni yglan edilmegine g­araşylýar.

Şol bir wagtyň özünde­ sanjymy dörediji kom­paniýanyň özi, bir gü­n öň dermanyň düýbünd­en howpsuzdygyny aýdy­pdy.

20.06.2026 12:08
7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......