Finlýandiýada howadan taýýarlanan iýmit hödürlendi

  • 18.03.2021 23:42
  • 12k+

Finlýandiýanyň Solar Foods tehnologiýa başlangyjynyň alymlary “howadan” şnisel taýýarlamagy başardylar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, geljekde bu tehnologiýany ulanmak bilen döredilen önümler planetanyň ähli ýaşaýjylaryna hödürlenip bilner diýip, volg.mk.ru habar berýär.

Solein diýlip atlandyrylan belogy taýýarlamak üçin döwlet tarapyndan we hususy gaznalardan 25 mln ýewro töweregi kömek puly berildi. Şeýle etiň esasy düzümi 65% belogy öz içine alýan sary un bolup durýar.
Bu uny almak üçin howa, elektrik energiýasy, kömürturşy gazy, suw, iýmit maddalary we mikroblar gerek. Kompaniýanyň işgärleri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kömegi bilen önümçiligi ýola goýmagy meýilleşdirýärler. 

“Solein bu iýmit maddasydyr. Ilkibaşda ol içgileri we etiň ornuny tutýan ösümlik esasly iýmitleri belok bilen baýlaşdyrmak üçin ulanylar. Ony süýt kokteýline we ýogurta hem goşup bolýar. Şeýle iýmitde aminokislotalar we beloklar ýetmezçilik edýär” – diýip, Solar Foods kompaniýasynyň müdiri Pasi Waýnikka aýdýar.

Kompaniýa häzir Finlýandiýanyň çörek we konditer önümlerini öndürýän Fazer korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. “Solein” esasly önümi 2023-nji ýylda bazara çykarmak meýilleşdirilýär.

şu gün 10:51
471

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
3.9k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......