Ispaniýa dört günlük iş hepdesine geçip başlar

  • 18.03.2021 21:00
  • 6.7k+

Ýakyn geljekde Ýewropa dört günlük iş hepdesine geçip biler we muny ilki bolup ispanlar başlar diýip, «The Guardian» ýazýar.

Bu başlangyç Mas Pais partiýasyna degişli bolup, bu pikir Ispaniýanyň hökümeti tarapyndan goldanyldy. Gazetiň habar berşi ýaly, häzirlikçe gürrüň synag taslamasy barada barýar. Birinji basgançakda synaga her kim gatnaşyp biler diýip, çeşme belleýär.
Ähli zat netije berse, bütin ýurtda meýletin tertipde 32 sagatlyk iş wagtyna geçiler. Işgärler zähmet haklaryny ýitirmezler we kärhanalaryň maliýe çykdajylary ýurduň býujetinden öwezi doldurylar.
Şeýlelikde, birinji ýylda ýitirilen girdejiler üçin öwezini dolmaklyk doly bolar, ikinji ýylda serişdeleriň ýarysy, üçünjisinde - üçden bir bölegi býujetden tölener. Häzirlikçe iki ýüz töweregi kärhana taslama gatnaşmaga isleg bildirdi.
“Mas Pais” başlangyjynyň esasy sebäbi ispanlaryň, statistikalara görä, işe Ýewropanyň ortaça görkezijisinden has köp wagt sarp etmegi we muňa garamazdan, işiň hiliniň - zähmet öndürijiliginiň pes bolmagydyr.
Hünärmenleriň köpüsi, synag üstünlikli bolsa, beýleki Ýewropa ýurtlary hem Ispaniýanyň tejribesine eýerip biler diýip hasaplaýarlar. Galyberse-de, ÝB-de hepdede dört gün işlemek baradaky teklipler ýygy-ýygydan eşidilýär.

şu gün 00:05
700

Iş hepdesiniň gysgaldylmagy Islandiýanyň ykdysady ösüşini güýçlendirdi

Islandiýa milli derejede çeýe iş tejribeleriniň gerimi boýunça dünýä liderine öwrüldi. Ýurduň tejribesi adaty zähmet bazarynyň “iş wagtynyň azaldylmagy gürrüňsiz ykdysady görkezijilere zyýan ýetirýär” diýen......

düýn 23:06
244

Astanada Benksiniň asyl nusgadaky eserleriniň sergisi açyldy

Gazagystanyň paýtagty Astanadaky «Lumiere Hall» multimediýa meýdançasynda dünýä belli britan köçe suratkeşi Benksä bagyşlanan «Benksi: genimi ýa-da ýumrujy?» atly sergi açyldy....

düýn 22:52
2k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

düýn 20:16
1.6k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....