Şwesiýa milli gülüni saýlady

  • 17.03.2021 07:51
  • 5.9k+

Şwesiýanyň milli güli statusyna tegelek ýaprakly jaňjagaz (Campanula rotundifolia) eýe boldy. Şwesiýanyň Botanika jemgyýeti tarapyndan yglan edilen internet ses berişligine gatnaşanlaryň köpüsi, has dogrusy, 14 müň adam hut şu ösümlige ses berdi diýip, news.day.az habar berýär.

Umuman, milli güli kesgitlemek işine 81 müňden gowrak adam gatnaşdy. Olar jaňjagaz, demirgazyk linneýi (üçgatlaryň maşgalasyndan), eje-we-öweý eje (Tussilago farfara), üç reňkli fialka (benewşe güllüler), tokaý gerany, ýer tudanasy, brusnika ýaly ösümlikleriň arasyndan saýladylar.
Bäsleşige partiýa nyşany hökmünde ulanylýan güller gatnaşmady, Şwesiýada her bir syýasy partiýanyň öz güli bar. Mundan başga-da, dalaşgärleriň sanawyna goňşy döwletleriň milli nyşanlarynyň bir bölegi bolan güller girizilmedi.
Şeýle-de bolsa, ýurduň täze nyşanyny iş ýüzünde ulanmak meselesi heniz hem açyk.

düýn 23:12
1.5k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
2.8k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.2k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
967

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......