Maý aýynda Saud Arabystany daşarky howa gatnawlaryny dikelder

  • 16.03.2021 16:47
  • 25k+

17-nji maýdan Saud Arabystany daşary ýurtlar bilen howa gatnawyny dikeldýär hem-de ýurduň çägindäki ähli howa menzillerini açýar. Bu barada TASS Saudi Gazette neşirine salgylanyp habar berýär.

Neşir Saud Arabystanynyň Raýat awiasiýasynyň Baş müdirliginiň ýaýradan habarnamasynda ýokary ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ähli teswirnamalarynyň we çäreleriň berjaý edilmeginiň zerurdygyny belleýär. Howa gatnawynyň gaýtadan dikeldilmegi daşary ýurtlaryň ählisine degişli bolmaz, diňe sanitariýa edaralary tarapyndan tassyklanan ýurtlara howa gatnawlary açylar.
29-njy ýanwarda Saud Arabystanynyň häkimiýeti deňiz portlarynyň we gury ýer serhet nokatlarynyň açylmagynyň 31-nji martdan 17-nji maýa çenli yza süýşürilendigini habar berdi.
Häzirki kabul edilen çözgüdiň Patyşalygyň Saglygy goraýyş ministrliginiň koronawirusa garşy sanjym öndürijileriň sanjymlaryň öz wagtynda iberilmegini üpjün edip bilmeýändigine esaslanyp kabul edendigi bellenilýär.
Saud Arabystanynyň Saglygy goraýyş ministrligi öz çäginde täze görnüşli koronawirusa garşy britan-şwed AstraZeneca, Amerikanyň Moderna we Pfizer kompaniýasy, şeýle hem Germaniýanyň BioNTech kompaniýasy tarapyndan öndürilen sanjymlaryny ulanmaga rugsat berdi.

düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....