Türkiýede dynç alýanlara deňizde suwa düşmezlik maslahat berilýär

  • 14.03.2021 15:11
  • 12k+

Türkiýäniň Antalýa we Mugla şäherindäki syýahatçylara ýakyn wagtda deňizde suwa düşmekden ýüz öwürmek maslahat berilýär. Bu howa şertleriniň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, TRTHaber agentligine salgylanyp, news.day.az ýetirýär.

Neşiriň bellemegine görä, durnukly maýyl howadan soň dynç alyş ýerlerinde tupan duýduryşy yglan edildi. Sinoptikleriň çaklamasy boýunça, sebitlerde günbatar we günorta-günbatar ugurlardan güýçli ýeliň öwüsmegine garaşylýar – deslapky maglumatlara görä, howa akymynyň tizligi sagatda 55-den 88 kilometre çenli bolup biler. Ýagşyň ýagmagy hem ähtimal. 
Häzirki wagtda bu ýerlerde howanyň temperaturasynyň 18 gradus ýylydygy, suwuň temperaturasynyň +17 gradusdygy bellidir.
Ýerli ýaşaýjylar we dynç alýanlar seresaply bolmaga, suw howdanlarynda gezelenç etmekden we deňizde ýüzmekden saklanmaga çagyrylýar.
Ýatlap geçsek, geçen ýylyň oktýabr aýynda hem şeýle ýagdaý ýüze çykdy. Antalýa şäherinde güýçli tupan bolup, buz bilen güýçli ýagyş ýagdy. Bu wakanyň pidalary hem boldy.

düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....