Apple 23-nji martda täze önümleri bilen tanyşdyrar

  • 12.03.2021 07:32
  • 13k+

Apple kompaniýasy 23-nji martda 2021-nji ýyldaky ilkinji tanyşdyryş dabarasyny geçirer diýip, evo-rus.com habar berýär.

Ilkibaşda anons 16-njy martda bolar diýlip garaşylýardy, ýöne soňrak Bloomberg-iň synçysy bu gürrüňleri ret etdi. Eger tanyşdyryş, hakykatdanam, 23-ine meýilleşdirilen bolsa, Apple muny bir hepde öňünden, ýagny 16-njy martda yglan eder. Anonsyň özi onlaýn görnüşde geçer.
Onda AirTags trekerleriniň we iPad Pro planşetiniň (2021) görkezilmegine garaşylýar. Soňkusy 5G ulgamyna we kuwwatly A14X Bionic çipsetine eýe bolmaly.
Apple ýylda azyndan iki çäräni geçirýär – ýylyň ortalarynda (iýun) geçirilýän WWDC konferensiýasy we adatça güýze (sentýabr) meýilleşdirilýän täze nesliň iPhone smartfonlarynyň tanyşdyrylyş çäresi. Mundan başga-da, kompaniýa ýylyň başynda we ahyrynda iPad we Mac-yň täze wersiýalaryna bagyşlanan beýleki çäreleri hem geçirýär, ýöne olaryň möhleti üýtgäp biler.
Şeýle-de, 23-nji martda Hasselblad kameraly täze flagman smartfonlaryny hödürlemeli OnePlus kompaniýasynyň hem tanyşdyryş dabarasy meýilleşdirilýär.

düýn 12:08
1.5k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

düýn 12:03
8.3k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

30.05.2026 08:05
3.3k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....