Superkompýuter iki örtük dakynmagyň peýdasyzdygyny subut etdi

  • 09.03.2021 14:29
  • 13k+

Ýaponlar superkompýuterde tejribe geçirmek arkaly koronawirusyň ýaýramagyny çäklendirmek üçin birbada iki sany lukmançylyk örtügini dakynmagyň netijeliligini synagdan geçirdiler. Alnan netijä görä, koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin birbada iki sany örtük dakynmak peýdasyz bolup çykdy. Muny ferra.ru habar berdi.

Barlagçylar dürli hili we dürli görnüşde örtük dakýan adamlardan gaýdýan wirus bölejikleriniň akymyny simulasiýa etmek üçin Fugaku superkompýuterini ulandylar.
Dokma däl materialdan edilen ýekeje hirurgik örtügi ​​ulanmak wirus bölejikleriniň öňüni almakda 85 % netije berýär. Ýöne munuň üçin örtük agyz-burny doly ýapmalydyr. Onuň üstünden poliuretan örtüginiň dakylmagy netijeliligi bary-ýogy 89%-e çenli ýokarlandyrdy.
Dokma materialdan ýasalan iki örtük ​​geýmek düýbünden peýdasyz. Ýokançlykdan goramak üçin iň oňat örtük hökmünde professional N95 agzaldy. Olardan soň dokma däl örtükler, mata örtükleri we ahyrynda poliuretan örtükleri bar.

düýn 10:31
5.6k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......