Rejep Taýyp Ärdogan iýun-iýul aýlarynda Türkmenistana sapar bilen geler

  • 07.03.2021 16:56
  • 19k+

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşiklerden soň, metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdi. Onda türk ministri Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana saparyny iýun-iýul aýlarynda amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini belledi.  Bu barada türk ministriniň Twitter sahypasynda bellenilip geçilýär.

— Türkmenistan bilen Türkiýe iki dogan ýurt. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardan gaty hoşaldyrys. Gatnaşyklarymyzy has ýokary derejelere ýetirmek isleýäris. Bu babatda döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen has köp işlemegi göz öňünde tutýarys. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen bolan söhbetdeşliginde türk Liderini Türkmenistana çagyrdy.
Bu saparyň wagty bilen bagly meseläni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Türkiýä amala aşyran saparynda ara alyp maslahatlaşdyk. Şu gün bu meselä täzeden seretdik. Bu sapary iýun-iýul aýlarynda amala aşyrmagy meýilleşdirýäris. Şeýle hem şol döwürde Türkmenistan — Türkiýe — Azerbaýjan üçtaraplaýyn ýokary derejedäki duşuşygy hem gurnamagy göz öňünde tutýarys. Bu ýokary derejedäki duşuşyklarda möhüm ylalaşyklara gol çekiler.

düýn 16:51
4.8k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....

düýn 16:03
2k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

düýn 13:45
10k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
9.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....