Samsung telewizorlaryň täze neslini hödürledi

  • 04.03.2021 17:20
  • 10k+

Samsung 2021-nji ýylyň täze MICRO LED we Samsung Neo QLED telewizorlaryny tanyşdyrdy. Bu barada news.samsung.com ýazýar.

Kompaniýa MICRO LED tehnologiýasynyň ýokary ýagtylygy, doýgun gara reňki we ýokary şekil hilini üpjün edýändigini aýtdy. Organiki däl yşyk-diodly indikatorlar telewizoryň ýanmagynyň öňüni alýar. 2021-nji ýylda Samsung MICRO LED tehnologiýaly adaty telewizorlary çykardy. Olar 110 we 99 dýuým ululykda bolar we mart aýynyň ahyrynda satuwa çykarylar. Ondan biraz soňrak -  güýzde 88 dýuým, soň bolsa 76 dýuým diagonally modeller peýda bolar. Bu telewizorlarda bir ekranda birbada dört zada tomaşa edip bolar.
Telewizorlaryň ýene bir ugry - Neo QLED. Olarda adaty yşyklandyryjylardan 40 esse az ýer tutýan täze “Kwant Mini” yşyk-diodly lampalary ulanylýar. Ol hem ýokary ýagtylygy, doýgun gara reňki üpjün edýär. Mundan başga-da, Samsung Neo QLED we QLED telewizorlary Xbox Series X-e hem gabat gelýär.
2021-nji ýylda 65, 75 we 85 dýuým diagonally Samsung Neo QLED 8K modelleriniň (QN800A we QN900A) satuwy başlar. Şeýle hem 50 dýuýmdan 4K telewizorlary (QN90A we QN85A) çykarylar.

şu gün 10:31
1k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
907

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......