Grafeniň esasynda uzak möhletli respirator döredildi

  • 04.03.2021 17:11
  • 6k+

Hindistanyň Tata adyndaky Binýatlaýyn barlag institutynyň alymlary grafeniň esasynda arzan görnüşli uzak möhletli respirator döretdiler. Olar bir gezeklik ulanylýan lukmançylyk örtüklerini çalyşmagy meýilleşdirýärler, sebäbi täze önümiň özüne düşýän bahasy bary-ýogy bir dollara barabardyr. Barlag barada Oxford Open Materials Science ylmy žurnaly ýazýar.

Tarangattu Naraýananyň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary bütin dünýäde ýaýran we pandemiýa döwründe has uly meşhurlyga eýe bolan N95 respiratorlarynyň işleýiş prinsipini üns bilen öwrendi. Goragy babatda gowy hem bolsa, olaryň ulanylyş möhleti çäkli. Ähli wiruslary özüne çekýän elektrikleşdirilen gorag dokumasynyň zarýadyny ýitirýändigi sebäpli örtügi ​​sekiz sagatdan köp ulanyp bolmaýar.
Alymlar täze örtügiň gorag gatlaklarynyň birini grafen we ftorly maddalar bilen örtmek kararyna geldiler. Netijede, örän netijeli respirator emele geldi we onuň täsirliliginiň belli bir möhleti ýok. Goşulan maddalar şeýle bir täsirli welin, adatdaky bäş gatlaga derek, ýerine maska ​​döretmek üçin diňe üç gorag gatlagy talap edilýär.

şu gün 10:51
77

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.2k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.7k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......