Saglygy goraýşyň dürli ugurlarynda türkmen-german hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

  • 04.03.2021 07:07
  • 6.7k+

3-nji martda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň we Germaniýanyň fizioterapewt-hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi.

Tejribeli nemes hünärmeni – doktor Annegret Kern-Zozo bilen onlaýn duşuşygynyň dowamynda fizioterapiýa hem-de olaryň iş ýüzünde uýgunlaşdyrylmagy babatda öňdebaryjy işläp taýýarlamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda türkmen klinikalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, iň täze usullary we lukmançylyk innowasiýalary özleşdirmäge çynlakaý gyzyklanylmagynyň, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň halkyň iň gymmatly baýlygyny we abadançylygyny goramak üçin mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.
4-nji martda fizioterapewtleriň wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty nemes nefrolog lukmany, professor Roland Weelken bilen geňeşme duşuşygy bilen dowam eder. Şonuň barşynda nefrologiýanyň möhüm meseleleri, şol sanda ýiti we dowamly böwrek ýetmezçiliginiň öňüni almak, anyklamak we häzirki zaman bejergileri ara alnyp maslahatlaşylar.

düýn 11:31
3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......