Çilim tüssesi koronawirusa ýokuşmaga kömek edýär

  • 01.03.2021 23:02
  • 21k+

“Cold Spring Harbour” barlaghanasy tarapyndan geçirilen barlagda çilim tüssesiniň öýkeni ACE2 belogyny has köp işläp çykarmaga mejbur edýändigi anyklandy. Bu belogy SARS-CoV-2 koronawirusy öýjüge girmek üçin ulanýar diýip, popmech.ru habar berdi.

Alymlar ýokançlygyň bedene aralaşmagyna sebäp bolýan beloklar bilen adamlaryň keseli has agyr geçirýän üç toparlarynyň arasynda özara baglanyşygyň bardygyny öňe sürdüler. Bu toparlar - garrylar, erkekler we çilimkeşler.
Ýygnalan maglumatlaryň netijesinde, barlagçylar temmäki tüssesiniň ACE2 belogynyň önümçiligini ep-esli ýokarlandyrýandygyna, jynsyň we ýaşyň bu prosese täsir etmeýändigine ünsi çekdiler. Çilimi taşlanlarda bu belogyň öndürilişiniň kadaly ýagdaýa gelýändigi bellenildi.
Mundan başga-da, dem alyş ýollarynda ACE2-niň iň köp mukdaryny nem emele getirýän öýjükler öndürýär. Çilim çekmek olaryň köp öndürilmegine sebäp bolýar, ýagny olar dem alyş ýollaryny goraýarlar. Ýöne şol bir wagtyň özünde bedeni SARS-CoV-2-e garşy has gowşadýarlar.

şu gün 18:05
75

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......