Tailand syýahatçylyk zolaklaryndan koronawirus çäklendirmelerini aýyrmaga başlady

  • 28.02.2021 14:58
  • 12k+

Tailandyň hökümeti koronawirus ýagdaýynyň gowulaşýandygy sebäpli, çäklendirmeleri ýuwaş-ýuwaşdan aýryp başlady diýip, ýurduň syýahatçylyk edarasy habar berdi. Muny vedomosti.ru ýetirýär.

“Ýaşyl zolagyň (howpsuz) sany 35-den 54 welaýata çenli artdy. Oňa Lopburi, Çiangmaý, Çiangraý, Lampang, Phuket, Trang ýaly birnäçe welaýat girýär” – diýlip, habarda aýdylýar.

Bu ýerde barlar we restoranlar, dynç alyş ýerleri öňki iş düzgünlerine gaýdyp geldiler. Aýdym-saz we tans agşamlaryny geçirmäge rugsat berildi. Spa we massaž salonlary, fitnes merkezleri we boks otaglary çäkli myhman sany bilen işe başladylar. Sport zallarynda ýaryşlar ähli sanitar düzgünlerine laýyklykda geçirilip bilner. 
Tailandyň ykdysadyýeti eýýäm birnäçe wagt bäri halkara syýahatçylarynyň ýetmezçiliginden zyýan çekýär. 2020-nji ýylda ýurtda daşary ýurtlularyň girişi üçin berk düzgün hereket etdi, netijede pandemiýany saklamak başartdy, ýöne syýahatçylyk pudagynyň birnäçe kärhanalary batdy.
2021-nji ýylda Tailand 10 mln töweregi daşary ýurtly myhmany garşylamaga taýýar. Bir ýyl ozal ol ýere 6,7 mln daşary ýurtly syýahatçy bardy, bu 2019-njy ýyl bilen (40 mln) deňeşdirilende, ep-esli azdyr.

18.05.2026 15:03
8.8k+

Git, gör, gir: dünýäniň iň üýtgeşik howuzlary syýahata çagyrýar

Öňler howuzlara diňe dynç alyş ýeri hökmünde garalan bolsa, bu gün olar täsin hem ýatdagalyjy şekildäki binalara öwrülmek derejesine baryp ýetdiler. Syýahatçylar şeýle howuzlar sebäpli öz ýollaryny......

17.05.2026 10:14
6.4k+

Tailand syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 30 güne çenli gysgaltmak isleýär

Tailandyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 60 günden 30 güne çenli gysgaltmagy göz öňünde tutýar....

16.05.2026 13:25
5.3k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda,......

16.05.2026 10:30
2.7k+

Syýahatçylar Kanadanyň milli seýilgählerine mugt girip bilerler

Kanada 2026-njy ýylyň 19-njy iýunyndan 7-nji sentýabryna çenli «Parks Canada» guramasynyň garamagyndaky milli seýilgählere, taryhy ýerlere we deňiz goraghanalaryna girmek üçin tölegleri bütinleý ýatyrýar....