Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy

  • 26.02.2021 16:38
  • 14k+

25-nji fewralda Ruhyýet Köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. 

Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutany maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary bilen döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy. 
Türkmen Lideri ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygynda maksatnamalaýyn çykyş etdi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy we halkara meseleleri barada jikme-jik durlup geçildi.
Dünýä ykdysadyýetinde amatsyz ýagdaýlaryň dowam edýändigine, çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, biz ähli pudaklarda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ulanmak boýunça işleri dowam etmelidiris, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermäge, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmäge aýratyn üns bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy. 
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz döwlet serişdelerini netijeli ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini hem giňeltmegiň wajypdygyny belledi. 
Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ünsüni ýene-de bir möhüm meselä çekdi. Häzirki wagtda öňde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk ulgamynda şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak boýunça möhüm wezipeler durýar. 
Döwlet Baştutany deputatlara hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek we ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň durmuş taýdan ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek boýunça meýilnamalar barada durup geçdi.

düýn 23:58
732

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
9.5k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
899

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.4k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....