COVID-19-a garşy sanjym rak keseline garşy dermany döretmekde ulanylyp bilner

  • 24.02.2021 22:36
  • 12k+

Rak keseline garşy derman tiz wagtdan koronawirusa garşy sanjymyň esasynda taýýarlanyp başlanar. Şeýle netijä amerikan lukmanlary geldi diýip, sm.news habar berýär.

COVID-19 bilen göreşmek üçin derman serişdesi organizmiň immun ulgamyny işjeňleşdirýär, şonuň üçin ony döretmegiň tehnologiýasy onkologiýa kesellerine garşy dermanlaryň esasyny düzüp biler. Rak keseline garşy täsirli serişde birbada birnäçe ugurda işlemegi öz içine alýar.
Şeýle derman immun ulgamyna rak öýjüklerini tanamagy öwretmeli, bu kesele garşy durmaga ýa-da howply çişler bilen işjeň göreşmäge kömek eder. Munuň üçin hünärmenler Moderna we Pfizer sanjymlarynda ulanylýan messenjer RNK usulyny ulanmagy göz öňünde tutýarlar, bu derman serişdesini rak keseliniň islendik görnüşi üçin uniwersal edip biler.
Derman mRNK-ny çiş öýjüklerine iberer, şeýlelikde, immunitete çiş bilen göreşmäge itergi berýän beloklar işlenip çykar. Mundan başga-da, mRNK immun öýjüklerine hem iberilip bilner, netijede olara çişleri tapmagy we ýok etmegi öwrenmäge kömek eder. 

düýn 23:14
5.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....