Azerbaýjan 2020-nji ýylda türkmen benzininiň importyny 2,7 esse artdyrdy

  • 24.02.2021 22:00
  • 9.2k+

2020-nji ýylda Azerbaýjan Türkmenistandan 11 müň 267 tonna AI-92 awtobenzinini satyn aldy. Interfaks-Azerbaýjan agentliginiň habar bermegine görä, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende bu görkeziji 2,7 esse ýokarlandy. Türkmen benzininiň importy 6 million 92 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şol döwürde Azerbaýjan Russiýadan 4 müň 688 tonna AI-92 benzinini satyn alyp, onuň importyny 23,5 esse azaltdy. Azerbaýjanyň import eden rus benzini 2 million 88 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Geçen ýyl Azerbaýjan daşary ýurtlardan 15 müň 955 tonna golaý AI-92 awtobenzinini satyn aldy we bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 7,2 esse azdyr. 2020-nji ýylda Azerbaýjanyň import eden benzini 9 million 8 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 7,9 esse azaldy.
Hasabata görä, Azerbaýjan AI-92 awtobenzinini diňe 2020-nji ýylyň 4-nji çärýeginde import etdi. Amala aşyrylan import Azerbaýjanyň SOCAR döwlet energiýa kompaniýasynyň Geýdar Alyýew adyndaky Bakuwyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (BNGIZ) 27-nji awgustdan oktýabr aýynyň ahyryna çenli meýilleşdirilen abatlaýyş işleriniň geçirilmegi bilen baglanşyklydyr. Zawodda abatlaýyş işleri geçirilen döwründe ýurtda AI-92 awtobenzini öndürilmedi.
BNGIZ diňe AI-92 awtobenzinini öndürýär. Azerbaýjan 2014-nji ýylyň 1-nji aprelinden bäri AI-95 (premium) we AI-98 (super) görnüşli awtobenzinlerini import edýär.

13.06.2026 15:16
6.4k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....