BSGG: pandemiýa 2022-nji ýylyň başynda tamamlanar

  • 23.02.2021 18:02
  • 23k+

Eger-de ähli zat meýilnama görä dowam etse, onda COVID-19 pandemiýasy eýýäm 2022-nji ýylyň başyna tamamlanar. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň ýolbaşçysy Hans Klýuge Daniýanyň DR teleýaýlymyna aýtdy.

BSGG-niň wekiliniň pikirine görä, 2021-nji ýyl hem koronawirus ýyly bolar, emma geçen ýyl bilen deňeşdirilende bu ýyl ýagdaý gözegçilik astynda bolar.

«Iň ýaramaz hadysalar yzda galdy. Biz 2020-nji ýyl, ýagny wirus ýaňy ýaýrap başlan wagtyna garanyňda, koronawirus barada has köp zatlary bilýäris» - diýip Klýuge aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde ol diňe şahsy çaklamasyny öňe sürýändigini nygtady. Ähli zat pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň näderejede ýaýbaňlanjygyna bagly bolar.

«Wirus saklanyp galar, ýöne çäklendirmelere zerurlyk bolar diýip pikir etmeýärin» - diýip Klýuge belledi. 

şu gün 12:06
1.7k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......

01.04.2026 16:38
3.3k+

Beýnisine çip oturdylan ysmaz näsaglar minutda 110 belgini ýazyp bildiler

Brigam adyndaky Massaçusets umumy hassahanasynyň we Braun uniwersitetiniň alymlary ysmaz adamlara barmaklarynyň hereketini hyýallarynda janlandyrmak arkaly tekst ýazmaga mümkinçilik berýän «beýni — kompýuter»......

01.04.2026 10:49
2.3k+

Alymlar: stress dermatitli adamda ekzemanyň alamatlaryny güýçlendirýär

Alymlar stressiň deridäki çişme proseslerini işjeňleşdirmek arkaly ekzemanyň alamatlaryny nähili güýçlendirýändigini anykladylar. Bu barlagyň netijeleri Science žurnalynda çap edildi....

30.03.2026 16:56
4.5k+

Duýdansyz açyş: süýjüli diabetiň dermany garry adamlaryň gözüni goraýar

Süýjüli diabet keselinde ulanylýan metformin dermanynyň garaşylmadyk tarapdan peýdasynyň ýüze çykmagy köpleri begendirdi....