Apple 2016-njy ýyldan bäri ilkinji gezek smartfon satuwy boýunça dünýäde lider boldy

  • 23.02.2021 15:33
  • 7.4k+

Gartner analitik kompaniýasynyň hünärmenleri 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginiň jemini jemlediler. Netijede amerikan kompaniýasy Apple smartfon satuwy boýunça lider boldy. Bu barada rueconomics.ru habar berýär.

Apple 2016-njy ýyldan bäri ilkinji gezek satylan gurluşlaryň sany boýunça dünýädäki iň uly smartfon öndürijileriniň reýtinginde birinji orna çykdy. 2020-nji ýylda kompaniýa tas 80 mln smartfon satmagy başardy. Şeýlelik bilen, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 20,8%-e deň boldy. 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 14,9% ýokarydyr. 
Koreýanyň Samsung kompaniýasy liderligi elden berip, ikinji orna düşdi. Gartner onuň 62 mln smartfon satandygyny belleýär. Onuň paýy 16,2%-e barabar. Üçünji we dördünji orunlary, degişlilikde, Xiaomi we Oppo hytaý kompaniýalary eýeledi. Dünýä bazarynda smartfon satuwy boýunça liderleriň bäşligine ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli satuwy ep-esli pese gaçan Huawei kompaniýasy hem girdi.
Umuman, ýylyň jemi boýunça dünýä bazarynda 1,35 mlrd smartfon satyldy. Üpjünçiligiň 1,54 mlrd smartfona deň bolan 2019-njy ýyly bilen deňeşdirilende, pese gaçyş 12,5% boldy.
Reýtingde birinji orny 18,8% bilen Samsung kompaniýasy eýeledi. Ikinji orunda 14,8% bilen Apple ýerleşýär, üçlügi Huawei jemleýär – 13,5%. Onuň yzyndan, degişlilikde, 10,8% we 8,3% netije bilen Xiaomi we OPPO kompaniýalary gelýär.

düýn 22:44
3k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6.2k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.6k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....