R.Meredow owgan marşaly Dostum bilen duşuşyk geçirdi

  • 22.02.2021 22:58
  • 10k+

22-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda netijeli türkmen-owgan özara hereketleriniň gün tertibi boýunça pikirler alşyldy.
Taraplar energetika, kommunikasiýa, ulag we beýleki ugurly taslamalaryň dessin durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny nygtadylar. Şunlukda TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň, şeýle-de Türkmenistandan Owganystana täze demir ýollarynyň çekilmegi ýaly geljegi uly taslamalaryň öz wagtynda we talabalaýyk durmuşa geçirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.
Türkmen tarapy parahatçylykly owganara gepleşikleriniň ilerledilmegi maksady bilen işjeň özara hereketleri dowam etmäge, şol sanda onuň geljekki tapgyrlarynyň geçirilmegi üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge taýýarlygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

şu gün 13:44
872

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
9.2k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......