Delfinleriň häsiýet taýdan adamlara meňzeýändigi anyklanyldy

  • 20.02.2021 23:57
  • 9.5k+

Beýik Britaniýanyň Hull uniwersitetiniň alymlary delfinleriň häsiýetiniň adamlaryňka juda meňzeşdigini anykladylar. Bu barada sm.news habar berdi.

Alymlaryň pikiriçe, olarda umumy şahsyýet aýratynlyklary hatda ösüş düýbünden başga şertlerde bolup geçen-de bolsa ýüze çykypdyr. Olar delfinlere 2012-nji ýyldan bäri gözegçilik edip gelýärler. Esasy meňzeşlik faktorlary hökmünde alymlar olaryň adamlara-da mahsus bolan akyllylygyny we alçaklygyny bellediler.
Barlagyň dowamynda alymlar delfinleriň "birnäçe özüni alyp baryş we aň-bilim aýratynlyklarynda" adamlar bilen möhüm meňzeşlikleri ýüze çykardylar.
Barlaga diňe bir dürli suw howdanlaryndan däl, eýsem, dürli ýurtlardan getirilen 134 uly delfin (56 erkek we 78 urkaçy) gatnaşdy.
Şeýle hem alymlar delfinleriň beýnisiniň bedeniň talap edýän funksiýalaryny ýerine ýetirmek üçin gerek bolanyndan has uludygyny bellediler. Şol sebäpli olaryň gaty akylly bolmagy-da mümkin.

düýn 23:53
1.8k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
1.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......