"Samsung" dünýäde ilkinji emeli intellektli kompýuter ýadyny döretdi

  • 19.02.2021 23:56
  • 7.9k+

Günorta Koreýanyň "Samsung" kompaniýasy dünýäde ilkinji emeli intellektli kompýuter ýadyny döretdi. HBM-PIM diýlip atlandyrylýan oýlap tapyş ýokary geçirijilige eýe diýip, ferra.ru habar berdi.

HBM-PIM energiýa sarp edilişini azaldýan emeli intellekt bilen baglanyşykly işler ýerine ýetirilende öndürijiligi güýçlendirýär. Kompaniýa maglumatlary gaýtadan işlemek boýunça çylşyrymly işleri ýerine ýetirmekde köplenç aýratyn prosessoryň we ýat bloklarynyň ulanylýandygyny belledi. Bu ýörelge komponentleriň arasynda maglumatlary geçirmek arkaly tutuş ulgamyň işleýiş tizligini peseldýär. Şol bir wagtyň özünde, HBM-PIM uly möçberdäki ýady parallel gaýtadan işläp bilýändigi bilen tapawutlanýar.
HBM-PIM-iň kömegi bilen, ulgamyň emeli intellekt bilen bilelikdäki öndürijiligi iki esse ýokarlanýar, energiýa sarp edilişi bolsa 70% azalýar. Kompaniýanyň wekilleri eýýäm öňümizdäki duşenbe güni dünýäde ilkinji emeli intellektli kompýuter ýady barada has jikme-jik maglumat bererler.

düýn 11:22
1.6k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

düýn 11:10
702

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.5k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.6k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......